Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurduň teatrlarynda «Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady» atly hepdelik geçiriler. TDH-niň habar berşi ýaly, Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa bu hepdelige görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň dekabrynda geçiriljek hepdeligiň çäklerinde teatrlarda daşary ýurtly nusgawy awtorlaryň eserleri esasynda ozal sahnalaşdyrylan sahna eserleri bilen bir hatarda, täze sahna oýunlarynyň birnäçesiniň ilkinji görkezilişini hödürlemek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini belledi.
Döwlet Baştutany wise-premýere ýurduň teatrlarynda «Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady» atly hepdeligi ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
