Ýakynda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Milli mirasy we medeniýet Federal ministri jenap Aurangzeb Han Hiçiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Yslamabatdaky diplomatik gullugy habar berýär.
Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar medeni alyş-çalyş arkaly iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek isleýändiklerini tassykladylar. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanda we Pakistanda Medeniýet günleri, sergiler we halk döredijiligi festiwallary ýaly bilelikdäki çäreleri geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.
Duşuşyk özara düşünişmegi çuňlaşdyrmak we ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmek üçin ýene bir ädim boldy.
