«Katmer» kafesi doglan günleri, «Gelin çörek», ýubileýleri we beýleki dabaralary ýakynlaryňyz bilen ýakymly hem rahat gurşawda geçirmek isleýänleriň hemmesini myhmançylyga çagyrýar. Takmynan 60 myhmana niýetlenen giň we amatly oturgyçly ýerlerde lezzetli tagamlar bilen ýatdan çykmajak baýramçylyk agşamyny guramak üçin ähli şertler döredilendir.
Kafeniň menýusy dürli tagamlary bilen sizi haýran galdyrar. Myhmanlara ýyly we doýurýan naharlardan başlap, ýeňil sowuk tagamlar we süýjülikler hödürlenýär. Aýratyn bellemeli tagamlaryň hatarynda işdä açyjy gyzardylyp bişirilen pirzola gapyrgalary, ýumşaklyk derejesine çenli bişirilen goýnuň gol eti, aýratyn usulda taýýarlanan towuk etinden we baý tagamly saýlama sygyr etinden taýýarlanan burgerler bar.

Nusgawy tagamlary halaýanlar üçin «Katmer» kafesinde dürli görnüşli täze işdäaçarlar we özboluşly goşundylara esaslanýan dürli huruşly taýýarlanan pissalar hödürlenýär. Süýji tagamlary söýýänler bolsa hoşboý ysly kofe ýa-da çaý bilen sazlaşykly utgaşýan öý süýjüliklerinden lezzet alyp bilerler.
«Katmer» kafesi — bu islendik baýramçylygy ýyly we lezzetli ýatlama öwürýän künjekdir!

Salgysy: Ankara köçesi, 19 (öňki Ýubileýnaýa)
Telefon: (+993 63) 24 99 44
Sosial ulgamdaky sahypalary
