17-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewi kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, duşuşykda myhman Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Gahryman Arkadaga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmen döwletiniň Baştutany dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny mähirli mübärekläp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.
Duşuşykda syýasy ulgamdaky gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigi bellenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýokary döwlet derejesindäki yzygiderli gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygy toplumlaýyn ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemekde möhüm şert bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň doganlyk Gazagystan bilen mundan beýläk-de ynanyşykly dialoga ygrarlydygyny nygtady.
Myhman Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara Gazagystanda ýokary baha berilýändigini aýdyp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatynyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetini belledi.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýändigi, ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň, şol sanda halkara ulag geçelgeleri, hususan-da, Demirgazyk – Günorta ugry boýunça ulag geçelgeleriniň ösdürilmeginiň söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýändigi aýdyldy.
Sanlylaşdyrmak, infrastruktura we innowasiýalar, «ýaşyl» ykdysadyýet, daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlar türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellenildi.
Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigi hem bellenildi.
