Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça geçirilen IV halkara olimpiadanyň şu gün jemi jemlenip, onuň bilen ugurdaşlykda guralan «Himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Bu barada uniwersitetiň maglumatlar portalynda habar berildi.
Dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, olimpiadanyň häsiýetli aýratynlygy onda ýurduň ýokary bilim edaralarynyň, ylmy merkezleriniň professor-mugallymlarydyr alymlary bilen birlikde daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylym-bilim merkezleriniň professordyr alymlary, doktorantdyr magistrlary eminlik etdiler.
Dabaranyň ahyrynda himiýa dersi boýunça IV halkara olimpiadada üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri görkezen talyplar medallar hem-de diplomlar bilen sylaglanyldy. Halkara ylmy-amaly maslahata işjeň gatnaşan professor-mugallymlara bolsa şahadatnamalardyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Olimpiada şahsy görnüşde A hem-de B derejeler boýunça geçirilip, A derejede himiýa hünäri boýunça okap bilim alýan talyplar, B derejede hem beýleki hünärlerde okaýan ýaşlar özara bäsleşdiler. Meseleler ýokary okuw mekdep maksatnamasyna laýyklykda organiki himiýa, fiziki himiýa, organiki däl himiýa, analitiki himiýa boýunça taýýarlanyldy. A dereje ýazmaça görnüşinde, B dereje test görnüşinde geçirildi.
Şeýlelikde, A derejede baýrakly orunlaryň 63-si kesgitlenip, şolardan ýeňijileriň 14-si birinji, 17-si ikinji, 32-si bolsa üçünji orna mynasyp boldular. Şeýle hem B dereje boýunça baýrakly orunlaryň 57-si kesgitlenip, onda ýaşlaryň 12-si birinji, 17-si ikinji hem-de 28-si bolsa üçünji orny eýelediler.
