16-njy oktýabrda Özbegistanyň Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetinde «Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti» atly maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň, Özbegistan Respublikasynyň milletara gatnaşyklar we daşary ýurtdaky watandaşlaryň meseleleri boýunça komitetiniň, Ýazyjylar birleşiginiň, Respublikan türkmen medeniýet merkeziniň, Merkezi Aziýanyň Halkara institutynyň ýolbaşçylary we wekilleri, tanymal magtymgulyşynaslar, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçisi Ş.Meredow öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk baradaky öňe süren garaýyşlarynyň häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary syýasy ýörelgeleriniň esasyny düzýändigini we bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynda giňişleýin beýan edilýändigini belledi.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatyny baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedigini we beýik akyldaryň parahatçylyk, agzybirlik we ynsanperwerlik ýaly belent häsiýetleri şöhlelendirýän şygyrlarynyň häzirki wagtda nusgalyk, parasatly pikirleriň çeşmesine öwrülendigini bellediler.
