Bütindünýä Futbol Federasiýalarynyň Assosiasiýasy (FIFA) tarapyndan TFF-niň başlygy G.Öwekow FIFA-nyň Tehniki ösüş komitetine agza hökmünde saýlanyldy. FIFA agza bolan federasiýalaryň 211-siniň arasyndan 24 wekiliň, şol sanda, Türkmenistanyň wekiliniň bu gurama agza hökmünde saýlanandygy ýurtda futboluň ösüşine berilýän ýokary bahanyň netijesidir diýlip, TFF-niň saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy FIFA-nyň «Futbol mekdepler üçin», «Zehinleri ýüze çykaryp, olary ösdürmek» hem-de çagalar futbolunyň tälimçileriniň bilimini artdyrmak bilen bagly maksatnamalarynyň esasynda işleri alyp barýar.
FIFA-nyň Tehniki ösüş komiteti dünýäde çagalar, zenanlar, köpçülikleýin futboly ösdürmekde, tälimçilerden başlap ýaşlaryň futbol bilimlerini artdyrmakda saldamly işleri alyp barýar. Bu komitetiň tagallasy netijesinde ösüş ýolunda bolan Federasiýalardyr Assosiasiýalar geljegi nazarlaýan maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik alýarlar. Bu komitete saýlanan agzalar bolsa futboly ösdürmekde öňe sürülýän maksatnamalarydyr meýilnamalary seljerme geçirip, olary tassyklamak boýunça iş alyp barýarlar.
