«Türkmenistan» awiakompaniýasy planer we hereketlendirijiler boýunça awiatehnik, abzallar we elektrik enjamlary boýunça awiatehnik, awiasiýa tehnikasynyň tehniki hyzmatlary, abatlaýyş we diagnostikasy boýunça inžener hünärleri boýunça işe kabul edýär. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.
Dalaşgärlere bildirilýän talaplar: Türkmenistanyň raýaty bolmaly, Aşgabat şäherinde ýazgyda durmaly (Ahal welaýatynyň Akbugdaý, Gökdepe etraplaryna rugsat berilýär); ýaşy 45-den geçmedik bolmaly, ýokary ýa-da orta hünär awiasion tehniki bilimi barada resminamasy bolmaly. Erkek kişiler üçin harby şahadatnamasy bolmalydyr.
Resminamalar 2025-nji ýylyň 31-nji oktýabra çenli kabul edilýär. Goşmaça maglumatlary şu telefon belgilerine jaň edip, alyp bilersiňiz: +993 12 37 85 50; +993 12 37 85 41; +993 65 72 58 43.
