Russiýanyň Sungat akademiýasynyň prezidenti Wasiliý Sereteli Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky IX halkara sungat festiwalyna gutlag ýüzlenmesini iberdi.
Aşakda onuň gutlagynyň doly mazmunyny berýäris.
«Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky IX halkara sungat festiwalynyň ähli gatnaşyjylaryny we myhmanlaryny Halklaryň agzybirlik güni mynasybetli tüýs ýürekden mübärekläýärin!
Taryhy taýdan halklaryň arasynda medeni alyş-çalyş sungat zehininiň döremegi we gülläp ösmegi üçin bereketli binýat bolup hyzmat edýär. Watana bolan pugta baglanyşyk, däpleriň goralmagy we nesilleriň paýhasyna hormat goýmak ýaş zehinleriň döredijilik ukybynyň açylmagynda esasly sütünleriň biridir.
Siziň festiwalyňyz jemgyýetçilik ähmiýetli we ruhy-medeni taýdan terbiýeleýji işiň aýdyň mysalydyr. 2015-nji ýylda Zurab Konstantinowiç Sereteli bu taslamanyň belent maksadyna ruhlanyp, öz galereýasyny onuň geçirilmegi üçin meýdança hökmünde açypdy. «Dutaryň owazy» festiwalynyň geçirilýän ýyllarynyň dowamynda müňden gowrak ýaş zehin Russiýanyň Sungat akademiýasynyň muzeý-sergi toplumynda geçirilen sazly agşamlara gatnaşdy. Olaryň köpüsi häzirki wagtda milli medeniýeti ösdürmäge saldamly goşant goşýan ussat hünärmen sazandalardyr. Häzirki wagtda hem Zurab Sereteliniň Sungat galereýasy dürli ýurtlardan gelen sungatyň häzirki we geljekki wekillerini mähir bilen kabul edýär.
Bu möhüm taslamany guraýan, oňa gatnaşýan we goldaýan ähli adamlara men tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Size döredijilik ylhamyny, täze açyşlary we uly üstünlikleri arzuw edýärin. Siziň döredijiligiňizi, ýadawsyz zähmetiňizi mübäreklemek bilen, siziň zehiniňiziň we tagallalaryňyzyň sungatyň ýagty geljeginiň bir böleginiň boljakdygyna ynanýaryn».
