«Türkmenistan» awiakompaniýasy uçarbeletlerini taýýarlamak boýunça alty aýlyk ilki başlangyç okuwyna kabul edişligi yglan edýär. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.
Okuw tölegli esasda geçirilýär. Resminamalaryň kabul edilmegi 5-nji noýabra çenli Aşgabadyň howa menzilindäki awiakompaniýanyň binasynda amala aşyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmaga Aşgabatda hasaba alnan Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem Ahal welaýatynyň Akbugdaý we Gökdepe etraplarynyň ýaşaýjylary gatnaşyp bilerler.
Dalaşgärleriň ýaşynyň 27-den geçmedik bolmagy, ýokary bilimli bolmagy, boýunyň 165 sm-den pes bolmazlygy, türkmen we rus dillerini erkin bilmegi, iňlis dilini bolsa Elementary derejesinden pes bolmazlygy hökmany talaplaryň hataryna girýär. Beýleki daşary ýurt dillerini bilmek goldanylýar. Mundan başga-da, aragatnaşyk gurmak ukyby, dalaşgäriň syraty, düşnükli gepleşik dili we ýüzüp bilme ukyby ýaly aýratynlyklar hem göz öňünde tutulýar. Oglan dalaşgärleriň harby borçlaryny ýerine ýetirendikleri baradaky harby şahadatnamasy bolmalydyr.
Dalaşgärler pasport, diplom, zähmet depderçesi (bar bolsa), harby şahadatnamasy we soňky işlän, okan ýa-da harby bölümi tarapyndan berlen häsiýetnamany tabşyrmalydyrlar. Okuw üstünlikli söhbetdeşlikden we lukmançylyk barlagyndan geçeninden soň başlanar. Giňişleýin maglumatlary almak üçin telefonlar: +993 12 37 85 50, +993 12 37 85 41, +993 65 72 58 43.
