Döwletli Çynar hususy kärhanasy halkara giňişligindäki ornuny işjeň ösdürip, telekeçiler we hususy müşderiler üçin logistika hyzmatlarynyň doly toplumyny hödürleýär. Kompaniýa ýükleri kabul etmek we ibermek bilen meşgullanýar. Döwletli Çynar hususy kärhanasy Türkiýe, Wýetnam, ABŞ, GDA ýurtlary, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri we Russiýa ýaly ýurtlara ygtybarly we çalt eltip bermeklige kepil geçýär.
Işiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri – halkara derejesinde harytlary satyn almak we eltip bermek hyzmatydyr. Döwletli Çynar hususy kärhanasy Russiýada, Türkiýede, Ýewropa ýurtlarynda we beýleki sebitlerde harytlary satyn alyp, olary öz çaparçylyk hyzmaty arkaly müşderilere ýetirýär.
Kompaniýa işewürlik hatlaryny we resminamalary eltip bermek hyzmatyny hem hödürleýär, şunda ol ibermeleri resmileşdirmegiň we gaýtadan işlemegiň düzgünlerine berk eýerýär. Howa gatnawlary arkaly ýükleriň dünýäniň islendik nokadyna çalt we howpsuz eltilmegine kepil geçilýär.
Müşderiler üçin amatly bolmagy üçin häzirki zaman ýük yzarlaýyş ulgamy ornaşdyryldy. Bu ulgam ähli ibermeleriň ugruny tutuş ýol ugry boýunça hakyky wagtda gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär.
Döwletli Çynar logistika meselelerini toplumlaýyn çözmäge we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen işiniň ýedi sany esasy ugurlaryny tapawutlandyrýar.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Salgysy: Mary ş., Bagtyýarlyk köçesi, 52A (öňki Atabaýew köçesi), Ojar Aziýa binasy, 1-nji gat;
Telefonlary: (+993 65) 65 85 65, (+993 63) 22 56 00, (+993 64) 40 54 46, 8 (522) 7 00 85;
Sosial ulgamdaky sahypalary.
