Türkmenistanyň dürli sebitlerinde üç sany uly himiýa zawody gurlar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasynda eden çykyşynda aýtdy.
"Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumy, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde mineral dökünleri öndürýän zawody gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle iri taslamalaryň amala aşyrylmagy himiýa senagatyny ösdürmäge uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär" diýip, döwlet Baştutany nygtady.
Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, himiýa senagaty ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Pudagy ösdürmek üçin ýurtda giň gerimli işler alnyp barylýar. Uly möçberli maýa goýumlar özleşdirilip, iri taslamalar amala aşyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde ýurduň himiýa senagatynda birnäçe iri kärhanalar netijeli işleýär. Şol kuwwatly kärhanalarda ýerli çig mallary ulanmak arkaly ýokary hilli önümler öndürilýär we olaryň möçberi yzygiderli artdyrylýar.
