Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda düýbi tutulan, mineral dökünleri öndürýän täze toplum Türkmenistanyň oba hojalyk önüm öndürijilerini we içerki sarp edijileri ýokary hilli fosforly dökünler bilen ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berer. Şeýle-de ol ýurtda azyk howpsuzlygyny berkitmäge hem-de daşary ýurtlardan getirilýän fosforly dökünleri öndürmäge şert döreder.
TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasynda eden çykyşynda aýtdy.
"Täze toplum ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini we içerki sarp edijileri ýokary hilli fosforly dökünler bilen ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berer. Garaşsyz döwletimizde azyk howpsuzlygyny berkitmäge hem-de daşary ýurtlardan getirilýän fosforly dökünleri özümizde öndürmäge şert döreder. Toplumda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty öndüriler. Ol ulanmaga berlenden soň, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kuwwatyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer" diýip, Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynda aýtdy.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň taslamasyny Koreýa Respublikasynyň «Daewoo» kompaniýasy ýerine ýetirer. Düýbi tutulýan bu toplumyň gurluşygynda ekologik talaplary berjaý etmäge mümkinçilik döretjek innowasion tehnologiýaly enjamlar we serişdeler ulanylar diýip, döwlet Baştutany belledi.
