Sowuk möwsümiň başlanmagy bilen «Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna ýokary hilli alýumin penjireleriň we gapylaryň giň görnüşini hödürleýär. Poslama garşy durnukly we berk alýumin profillerden taýýarlanan önümler uzak möhletleýin ulanylyşy, ygtybarlylygy we ajaýyp ýylylyk saklamagy bilen tapawutlanýar.

«Maksatly Türkmen» alýumin penjireleri öýde ýa-da ofisde rahat we döwrebap gurşawy döredýär, olary howa şertlerinden we köçeden gelýän seslerdir goh-galmagallardan ygtybarly gorap biler. Ýylylyk bölüniş tehnologiýasy arkaly gurluşlar gyşda ýylylygy, tomusda salkynlygy saklap, energiýa çykdajylaryny peseldýär.

Kompaniýa penjire, gapy we witražlar üçin täze reňk çözgütlerini hem hödürleýär:
Tex Mat
Antrasit
Kwars
Bu täze reňkler önümlere döwrebap we stil taýdan baý görnüş berýär, islendik binanyň binagärlik dizaýny bilen sazlaşykly utgaşýar. Şeýle hem haryt görnüşlerinde täze witraž gurluşlary peýda boldy, olar otaglara özboluşlylyk we nepislik ajaýyplygyny goşýar.

«Maksatly Türkmen» müşderiniň isleglerini we binanyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, aýratyn taslama düzmek we önüm taýýarlamak hyzmatyny hem hödürleýär. Kompaniýanyň hünärmenleri rahatlygy, energiýa tygşytlylygy we estetiki görnüşi nazara almak bilen, iň amatly çözgüdi saýlamaga kömek eder.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Salgysy: G. Kulyýew köçesi, bina №28
Telefonlary: 75 41 11, 75 42 22, 59 53 53, 59 53 33
Web saýty: turkmenglass.com
Sosial ulgamdaky sahypasy
