Ýaponiýanyň Osaka şäherinde dowam edýän «EXPO 2025» sergisinde Türkmenistanyň pawilýony baryp görýän adamlaryň sany boýunça ilkinji üçlüge girdi. Ýarym ýylda oňa iki milliondan gowrak adam bardy. «Iň oňat geljege ruhlandyryp» diýen şygar astyndaky pawilýon ýurduň medeniýeti, däp-dessurlary, taryhy hem-de innowasion mümkinçilikleri barada baý hem-de gyzykly tanyşdyrylyşy hödürleýär diýip, «MIR 24» ýazýar.
Tasuti, Ýaponiýanyň ýaşaýjysy: «Bu saparymdan öň Türkmenistan barada bilýänlerim diňe onuň ady bilen çäklenerdi. Indi men bu döwleti okgunly ösýän, baý energiýa gorlaryna eýe bolan ýurt hökmünde özüm üçin açdym».
Masubara, Osakanyň ýaşaýjysy: «Biziň pawilýona saparymyz ähli garaşanymyzdan täsirli çykdy: ekspozisiýa haýran galdyryjy we içgin işlenip düzülen. Aýratyn hem Türkmenistanyň häzirki zaman şäherleri hem-de onuň owadan, sazlaşykly köçeleri barada wideomateriallar ýadymda galdy. Ähli zat diýseň özüne çekijidi».
«EXPO 2025» sergisine işläp başlanyndan bäri 28 million adam bardy. Ol 160 ýurdy we dokuz halkara guramany bir ýere jemledi.
