13-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasy geçirildi.
Oňa Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Çärede ýylyň dowamynda bu serginiň çäklerinde geçirilen dabaralar we gyzykly pursatlar barada birnäçe wideoşekilli rolikler görkezildi. Mundan başgda, dabarada medeniýet işgärleriniň çykyşlaryna giň orun berildi.
Ýapylyş dabarasynyň jemlerinde EKSPO Bütindünýä sergisiniň baýdagy düşürilip, ol «EKSPO-2030» Er-Riýad Bütindünýä sergisini geçirmäge hukuk gazanan Saud Arabystan Patyşalygynyň wekiliýetine hormat bilen gowşuryldy.
