Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistana resmi sapar bilen çagyrylýar. «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edilişi ýaly, bu barada Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifden Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gelip gowşan gutlag hatynda aýdylýar.
Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif hatynda Pakistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan edýär. Onuň belleýşi ýaly, bu möhüm sene türkmen halkynyň döredijilik kuwwatyny, tutanýerliligini, ajaýyp üstünliklerini alamatlandyrýar.
— Pakistan Türkmenistan bilen köpasyrlyk medeni ýörelgelere esaslanýan taryhy we doganlyk gatnaşyklara ýokary baha berýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň dürli ugurlar boýunça giňeldilmegi bilen, maýa goýum, energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy hem-de sebitleýin gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygyna ynanýaryn. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň oňyn depginini has-da ösdürmek maksady bilen, ýene-de bir gezek Siziň Alyhezretiňizi özüňiz üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Pakistana gelip görmäge çagyrýaryn — diýip, Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýollan hatynda ýazýar.
Gutlag hatynyň ahyrynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, abadançylyk, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw edýär.
