Turkmenportal logo
14.10.25
1439314393
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Marat Husnullin türkmen wekiliýetini Kazandaky halkara foruma çagyrdy

Russiýanyň wise-premýeri Marat Husnullin türkmen wekiliýetini 2026-njy ýylyň 14-15-nji maýynda Kazan şäherinde geçiriljek 17-nji «Russiýa — Yslam dünýäsi» halkara ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada ol Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň 13-nji mejlisinde aýtdy.

Wise-premýer foruma çenli taraplaryň bilelikde sergi geçirmeginiň zerurdygyny belledi. Ol: «Bu sergi Türkmenistandaky işewürleriň öz önümlerini we hödürleýän hyzmatlaryny giňden tanatmaklaryna mümkinçilik döreder» diýip aýtdy.

Türkmen tarapyndan topara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew, rus tarapyndan bolsa wise-premýer Marat Husnullin ýolbaşçylyk edýär.