Turkmenportal logo
14.10.25
1135111351
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan 2026-njy ýylda Kazanda işewürlik forumyny we sergini geçirmegi meýilleşdirýär

Türkmenistan 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Russiýanyň Kazan şäherinde türkmen önümleriniň sergisini we işewürlik forumyny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň 13-nji mejlisinde aýtdy.

Wise-premýer Russiýanyň bazarynyň Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny belledi. Ol «Biz rus bazaryna eksporty giňeltmäge hem-de şol bazardan importy artdyrmaga gyzyklanma bildirýäris» diýip aýtdy.

N.Atagulyýewiň bellemegine görä, forumyň we serginiň geçirilmegi iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, täze taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de haryt dolanyşygyny artdyrmaga täze itergi berer.

Şeýle hem wise-premýer oba hojalygy ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam edýändigini aýdyp, Ösümlik karantini boýunça 2023-nji ýylda baglaşylan ylalaşyklaryň türkmen gök önümleriniň we miweleriniň Russiýanyň bazarlaryna eksportyny artdyrmaga mümkinçilik döredendigini belledi.

N.Atagulyýewiň nygtamagyna görä, iki ýurduň arasynda saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk we beýleki ugurlar boýunça-da hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär.