Duşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýanyň Gümrük gulluklary ýurtlaryň arasynda harytlary we ulag serişdelerini geçirmekde gümrük amallaryny ýönekeýleşdirilen tertipde ýerine ýetirmegi guramak baradaky Ylalaşyga gol çekdiler.
Bu resminama Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň 13-nji mejlisiniň netijesi boýunça Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýgulyýew we Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Sergeý Şklýaýew tarapyndan gol çekildi.

Mundan başga-da, Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň 13-nji mejlisiniň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Russiýa dürli ugurlar boýunça birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Russiýanyň Döwlet reýestr, kadastr we kartografiýa federal gullugynyň (Росреестра) arasynda 2025–2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk boýunça çäreleriň meýilnamasy, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy bilen Sankt-Peterburgyň biržasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyk we beýlekiler bar.
Duşenbe güni Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Hökümetara toparda türkmen tarapyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew, rus tarapyna bolsa wise-premýer Marat Husnullin ýolbaşçylyk edýär.
