Aksessuarlar dünýäsinde jikme-jiklikler ähli zady kesgitleýär — MB bolsa muny iň gowy bilýän kompaniýalaryň biridir. MB tebigy deri önümleriniň giň görnüşini hödürleýär: nepis sumkalar, gapjyklar, stil taýdan kaşaň guşaklar we portmoneler — olaryň her biri ynsan gözelligini doly we täsirli edýär.
MB kompaniýasynyň her bir aksessuary kompaniýanyň öz önümçilik binýadynda iri şahly mallaryň derisinden taýýarlanylýar. Materialyň üstünden doly gözegçilik edilmegi bolsa önümleriň uzak möhletleýin ulanylyşyny we işjeň ýagdaýda ulanylanda-da öz görnüşini saklap bilmegini kepillendirýär.

MB kompaniýasynda önümçiligiň her bir tapgyryna: materialyň ünsli saýlanyşyndan başlap, iň soňky bezeg işlerine çenli aýratyn üns berilýär. Nusgawy ussatlyk bilen häzirki zaman dizaýn çözgütleri sazlaşykly utgaşyp, MB kompaniýasynyň aksessuarlarynyň işjeň hem-de gündelik keşplere birmeňzeş derejede laýyk gelmegini üpjün edýär.

Kompaniýanyň wekilleriniň bellemegine görä, MB kompaniýasynyň aksessuary — bu diňe bir haryt görnüşindäki zat däl. Bu islendik adama ynam goşýan, şahsy stili nygtap görkezýän we onuň eýesini köpçülikden tapawutlandyrýan aýratynlykdyr.

Harytlary şu salgy boýunça satyn alyp bilersiňiz: Aşgabat şäheri, G. Kulyýew köçesi, «MB Söwda Merkezi» binasy.
Telefonlar: +993 61 573323, +993 12 754775.
Sosial ulgamdaky sahypasy hem hereket edýär.
