Brýusselde geçirilen «Global Gateway 2025» atly ikinji forumyň çäginde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulyýew Ýewropanyň maýa goýum bankynyň (ÝMGB) wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşykda hyzmatdaşlygyň amaly meseleleri we döwletara ylalaşygyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
ÝMGB bilen hyzmatdaşlyk «Global Gateway 2025» forumynyň ileri tutýan ugurlary bilen utgaşykly bolup, ol ählumumy derejede özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, durnukly infrastruktura arabaglanyşygyny ösdürmäge, şeýle hem «Ýewropa topary» we halkara maliýe guramalary arkaly energetika hem-de infrastruktura ugurlarynda maýa goýumlaryny ýola goýmaga we giňeltmäge gönükdirilendir.
Maliýe gurallarynyň giňeldilmegi nukdaýnazaryndan forumda halkara ösüş banklary, şol sanda Ýewropanyň maýa goýum banky (ÝMGB) we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly infrastruktura maýa goýumlaryny çekmek we iş orunlaryny döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de Merkezi Aziýadaky energetika taslamalaryna goýuljak maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmaga aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň «Global Gateway 2025» forumyna gatnaşmagy durnukly infrastruktura maliýeleşdirilmegi boýunça işjeň pikir alyşmaga we Ýewropa Bileleşiginiň edaralary hem-de halkara maliýe guramalary bilen gönüden-göni işjeň gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berdi.
