Jaýlaryň içki abatlaýyş işinde diňe bir estetika däl-de, eýsem funksionallyk, howpsuzlyk we işiň tizligi hem möhüm ähmiýete eýedir. «Ak Bulut» hojalyk jemgyýetiniň gipsokarton önümleri tekiz diwarlary we potoloklary döretmekde, zonirleme hem-de çylşyrymly dizaýn pikirlerini durmuşa geçirmekde esasy gurluşyk materialy hökmünde ulanylýar. Gipsokarton listleri metal çarçuwa çalt gurnalýar, diwarlaryň kemçiliklerini gizleýär, abatlaýyş işiniň wagtyny gysgaldýar we adaty suwag bilen deňeşdirilende hapalanmany hem-de çyglylygy ep-esli derejede azaldýar.
«Ak Bulut» gipsokartonlary bilen sesleriň we goh-galmagaly çäklendirmek üçin ýeňil otag bölüjileri gurnamak mümkinçiligi bar, olary ulanmak bilen şeýle-de köp derejeli we şekilli yşyk beriji potoloklary, bezeg tagtaçalaryny we gurnama tekjelerini döretmek hem mümkindir. Kompaniýa ekologiki howpsuzlyga aýratyn üns berýär: gipsokarton tebigy gipsden öndürilýär, saglyga zyýansyz, rahat howa çalşygyny saklamaga ýardam edýär we ýangyna garşy aýratynlyklara hem eýedir.

Tebigy düzüminiň bolmagy, berkligi we dizaýn taýdan çeýeligi bilen «Ak Bulut» gipsokartony ýaşaýyş, söwda we lukmançylyk jaýlarynyň abatlaýyş we dikeldiş işleri üçin ygtybarly çözgüt bolup durýar.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
(+993 12) 754243 / 754244
(+993 62) 24 00 44, (+993 62) 24 00 55, (+993 62) 14 00 44
Baş ofis we sergi zaly:
Aşgabat şäheri, G. Kulyýew köçesi, j. 29/1, 3-nji gat

Önümçilik merkezleri:
Asma potoloklar we profil ulgamlary boýunça zawod we ammar — Ahal welaýaty, Ak Bugdaý etraby;
Gipsokarton önümçiligi, BOARDLINE we gury gurluşyk garyndylary boýunça zawod we ammar — Lebap welaýaty, Dostluk şäheriniň etegi.
