Şu gün Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginiň çäginde 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasy açylyp ulanmaga berildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, täze hassahana ýurtda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ajaýyp sowgat boldy.
Dabara Mejlisiň deputatlary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular we eneler hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan şowhunly aýdym-sazly, tansly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Dabaranyň başynda Mary welaýatynyň häkimi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagyny okady.
Dabara gatnaşyjylar welaýat inçekesel hassahanasynyň otaglarynda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Döwrebap saglyk merkezi 9 gektara golaý çäkde ýerleşip, onuň gurluşygy «Hil Merkez» hususy kärhanasy tarapyndan alnyp baryldy. Toplum ululy-kiçili desgalaryň 17-sini özünde jemläp, onda kabul ediş, maslahat beriş-anyklaýyş, şöhle bilen anyklaýyş, fizioterapiýa, bakteriologiýa, barlaghana, I-öýken, II-öýken, III-öýken, hirurgiýa, süňk-bogun, çagalar, anesteziologiýa we reanimasiýa, şypahana, dispanser, dolandyryş we hojalyk-tehniki hyzmat ediş bölümleri hereket edýär. Bu bölümleriň otaglary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Beýik Britaniýanyň, Daniýanyň, Germaniýanyň, Niderlandlaryň, Hytaýyň, Polşanyň, Russiýanyň, Şweýsariýanyň we Ýaponiýanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary derejeli saglygy goraýyş enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. Olar ýokanç keseli has irki döwürde takyk anyklamaga, degişli öňüni alyş we bejeriş çäreleriniň meýilnamasyny netijeli işläp düzmäge, näsagyň ýagdaýyna gözegçilik etmäge döwrebap mümkinçilikleri üpjün edýär.
Dabaranyň barşynda Mary welaýat inçekesel hassahanasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan täze awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy.
Şeýle hem hassahananyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
