Turkmenportal logo
10.10.25
1648016480
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lukaşenko: Sowet Soýuzyny dikeltmek mümkin däl
Lukaşenko: Sowet Soýuzyny dikeltmek mümkin däl

Duşenbe şäherinde geçirilen GDA-nyň sammitinde Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Arkalaşygyň ösüşiniň geljeginiň mümkinçilikleri barada öz pikirini aýtdy. Onuň bellemegine görä, Sowet Soýuzyny häzirki wagtda dikeltmek mümkin däl, emma GDA-nyň umumy ykdysady giňişligini saklamak zerurdyr.

Belarus lideri guramanyň işiniň netijeliliginde ykdysady gatnaşyklaryň esasy orny eýeleýändigini nygtady. Lukaşenkonyň pikiriçe, ykdysady hyzmatdaşlyk bolmasa, GDA-nyň çäklerinde syýasy, diplomatik ýa-da harby gatnaşyklaryň hem bolmagy mümkin däldir.

«Men hiç kimi Sowet Soýuzyny dikeltmäge ündeýän däldirin — bu häzirki wagtda mümkin däl, ýöne ykdysady giňişligi saklamaly» — diýip, Belarusyň Prezidentiniň sözlerini «Pul Pervogo» Telegram-kanaly getirýär.

Lukaşenko: Sowet Soýuzyny dikeltmek mümkin däl | Turkmenportal.com