Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýandan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gutlag haty gelip gowuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
BAE-niň Prezidenti hatynda Birleşen Arap Emirlikleri bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan edýär.
"Siziň ýurduňyza ösüş, rowaçlyk, ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny arzuw edýärin. Biz dostlukly halklarymyzyň we döwletlerimiziň abadançylygynyň bähbidine gatnaşyklarymyzy ikitaraplaýyn esasda ösdürmäge çalyşýarys. Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!" diýip, BAE-niň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine iberen hatynda ýazýar.
