Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň topary meşhur italýan dramaturgy Karlo Goldoniniň «Koja dawasy» atly sahna oýnuny sahnalaşdyrýar. Bu sahna oýnuna başgaça «Koja sene-menesi» ýa-da «Kojadaky harçaňlaşma» hem diýilýär. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
1761-nji ýylda ýazylan bu eseri teatryň režissýory B.Hallyýew sahnalaşdyrýar. Ýordumy ýiti degişmelerden doly, öwüşginli, iki perdeli bu sahna oýny Wenesiýanyň golaýynda ýerleşýän Koja atly balykçylar şäheriniň ilatynyň gündelik durmuşyny we häsiýetlerini beýan edýär.
– Teatrymyzyň işgärleri daşary ýurtly meşhur ýazyjylaryň tanymal eserleri esasynda köp sahna oýunlaryny sahnalaşdyrdy – diýip, teatryň režissýory Bekmyrat Hallyýew aýdýar.
Täze sahna oýnunda D.Mädalyýew, N.Hydyrowa, H.Dowlyýew, D.Bekdurdyýew, M.Aristanowa, O.Şyhyýewa we beýleki sahna ussatlary keşpleri ýerine ýetirýärler. Ş.Şyhyýewa bolsa sahna bezeglerini ýerine ýetirýär.
