Turkmenportal logo
09.10.25
57885788
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy tassyklandy
Surat: Ashgabat.in

Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky Hökümet mejlisinde degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine Strategiýada bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.