Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji oktýabrda Azerbaýjanyň Gabala şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sammitde eden çykyşynyň barşynda Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryny 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy.
«Häzirki günde dünýä jemgyýetçiligi öz ösüşiniň örän çylşyrymly döwrüni başdan geçirýär. Şeýle ýagdaýda döwletlerimiziň halkara giňişlikde utgaşykly hereket etmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Biziň öňümizde duran esasy wezipeleriň biri hem halkara derejede parahatçylygy, durnuklylygy we ynanyşmagy berkitmekdir. Pursatdan peýdalanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini ýatlamak isleýärin. Siziň hemmäňizi bu şanly sene we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek halkara foruma uly hormat bilen çagyrýaryn» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Bu barada TDH ýazýar.
