Grek rim göreşi boýunça türkmen türgeni Aslan Agadadaýew Azerbaýjanda geçirilýän GDA ýurtlarynyň III oýunlarynda 110 kg agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy. Bu Türkmenistanyň milli ýygyndysy üçin ýaryşdaky ikinji medal boldy.
Bäş türgeniň gatnaşan bu ýaryşynda Agadadaýew ilkinji tutluşygynda Azerbaýjanyň türgeni Rauf Mutallymowy 2:0 hasaby bilen ýeňdi. Ýöne soňra ol ýaryşyň geljekki ýeňijisi russiýaly türgen Dmitriý Koçurowdan 0:3 hasaby bilen ýeňildi. Üçünji tutluşykda ol belarusly Daniýel Maslakowy 3:0 hasaby bilen ynamly ýeňdi, emma soňky duşuşykda özbek pälwany Saýdamir Nematowdan 1:5 hasaby bilen ýeňildi we, netijede, üçünji orny eýeledi.
Türkmenistana bu ýaryşda ilkinji medaly 52 kg agram derejesinde çykyş eden boksçy Hangeldi Lukmanow getiripdi.
GDA ýurtlarynyň oýunlary Azerbaýjanyň Gänje, Ýewlah, Mingäçewir, Gabala, Şeki, Geýgel we Hankendi şäherlerinde geçirilýär. Oýunlara 13 ýurtdan 23 ýaşa çenli jemi 1624 türgen gatnaşýar. Olar 8-nji oktýabra çenli 23 sport görnüşi boýunça 246 medal ugrunda bäsleşerler.
Türkmenistandan bu oýunlara 56 adamdan ybarat wekiliýet gatnaşýar, olaryň arasynda 36 türgen bar. Olar 3x3 basketbol, boks, erkin we grek-rim göreşi, karate, ýüzmek, ok atmak we taekwondo ýaly sport görnüşleri boýunça çykyş edýärler.
Iki bürünç medal bilen Türkmenistanyň ýygyndysy umumy topar hasabynda sekizinji orny eýeleýär. Bu görkeziji bilen Türkmenistan Pakistan, Türkiýe, Kuba, Kuweýt we Oman ýaly ýurtlardan öňe geçýär.
2023-nji ýylda Belarusda geçirilen öňki GDA ýurtlarynyň oýunlarynda Türkmenistanyň 79 türgenden ybarat topary 3 kümüş we 15 bürünç medala mynasyp bolupdy.
