Turkmenportal logo
07.10.25
33143314
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitlerine gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 9-10-njy oktýabrda Duşenbe şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň ikinji sammitine we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar. Bu barada Täjigistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

9-njy oktýabrda Duşenbede Täjigistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky ikinji sammit geçiriler.

Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanlary köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly giň ugurlar boýunça pikir alşarlar. Şeýle hem terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna hem-de beýleki transmilli howplara garşy hereketlerde çäreleriň utgaşdyrylmagy boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Sammitiň netijeleri boýunça Jemleýji beýannamanyň we Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasynyň kabul edilmegine garaşylýar.

Şol gün, 9-njy oktýabrda, Duşenbede Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň ýolbaşçylygynda GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi hem geçiriler.

Mejlisiň gün tertibine Arkalaşygyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bagly möhüm meseleler giriziler.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça – howpsuzlygyň üpjün edilmegi, durnukly ösüş hem-de halkara guramalardaky hereketleriň utgaşdyrylmagy barada pikir alşarlar.

10-njy oktýabrda Duşenbede Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň başlyklyk etmeginde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler.

Sammite Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň, Belarusuň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagyna garaşylýar.

Maslahatyň dowamynda GDA-nyň döwlet Baştutanlary halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini, şol sanda sebitleýin we ählumumy howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Aýratyn-da, syýasy dialogy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmäge, şeýle hem Arkalaşygyň çäginde ynsanperwer we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly üns berler.

Sammitiň netijesinde Liderler köptaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de özara bähbitli ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekerler.