Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Gabala şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.
Prezident Ilham Aliýew, öz gezeginde, hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine öz salamyny ýetirmegi haýyş etdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu ýylyň iýul aýynda Azerbaýjana eden sapary hoşallyk bilen ýatlanyldy.
Türki döwletleriň guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Gabalada geçiriljek 12-nji sammitiniň ähmiýeti barada hem gürrüň edildi. Bu duşuşygyň türki döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy.
Duşuşykda doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň häzirki derejesine ýokary baha berildi. Syýasy, ykdysady, ulag, energetika, medeni-ynsanperwer, bilim we beýleki ugurlarda gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigi hem-de iki ýurduň halkara guramalaryň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti nygtaldy.
Şeýle-de taraplar geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
