Turkmenportal logo
07.10.25
42634263
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda medeniýet we metbugat boýunça hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed al-Hameli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine jogapkär orunbasary Bahar Seýidowa bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar medeniýet we metbugat ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini, şeýle hem tejribe alyşmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar medeni gatnaşyklary berkitmegiň hem-de metbugat ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetine ünsi çekdiler. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde maglumat hem-de tejribe alyşmagyň wajypdygyny aýratyn nygtadylar.