Türkmenistanly boksçy Hangeldi Lukmanow Azerbaýjanda geçirilýän GDA ýurtlarynyň III oýunlarynda ýurdumyza ilkinji medaly getirdi.
52 kilogram agram derejesindäki çärýek finalda Lukmanow Belarusdan gelen türgen Kirill Leýçenkony ýeňmegi başardy. Ýarym finalda bolsa Azerbaýjanyň boksçysy Ali Abasli bilen tutluşyp, ýeňlişe sezewar boldy. Ýaryşyň düzgünine laýyklykda türkmen türgeni bürünç medala mynasyp boldy.
16 ýaşly Lukmanow geçen ýyl ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatyna gatnaşypdy we 52 kg agram derejesinde esasy ýeňiş gazanjak dalaşgärleriniň biri hasaplanýardy.
Boks boýunça ýaryşlar Ýewlah şäherindäki Olimpiýa merkezinde geçirilýär. Türkmenistandan bu oýunlara 56 adamdan ybarat milli wekiliýet gatnaşýar, olaryň hatarynda 36 türgen bar.
GDA-nyň III oýunlary Azerbaýjanyň sekiz şäherinde geçirilýär. Oýunlara GDA-nyň ýurtlary bilen bir hatarda Kuba, Kuweýt, Pakistan, Oman we Türkiýeden 23 ýaşa çenli türgenler gatnaşýarlar. Jemi 1624 türgen 8-nji oktýabra çenli 23 sport görnüşi boýunça 246 medal toplumyny paýlaşar.
Türkmenistanly türgenler öňki — 2023-nji ýylda Belarusda geçirilen GDA-nyň oýunlarynda 3 kümüş we 15 bürünç medala eýe bolupdylar.
