Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklar soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy. Bu barada Ýerewanda diplomatik işini tamamlaýan Türkmenistanyň ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşykda belläp geçdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.
«Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylandygy aýdylyp, bu babatda amala aşyrylýan özara saparlaryň, ýokary derejedäki geçirilýän gepleşikleriň aýratyn ähmiýeti bellenildi» diýlip, habarda bellenilýär.
Duşuşygyň başynda Ermenistanyň Prezidenti W.Haçaturýan türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtamak bilen, Türkmenistana amala aşyran saparlarynyň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny nygtady. Şeýle hem Ermenistanyň Prezidenti şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi.
Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň döwletara dialogynyň möhüm ugry bolup durýandygyny nygtaldy.
Prezident W.Haçaturýan ilçi M.Aýazowa Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösüşine goşan şahsy goşandy üçin hoşallygyny beýan etdi we geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky (Er-Riýad şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine Muhammetgeldi Aýazowy bellemek, ony Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky (Ýerewan şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Liwan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmak baradaky Permana degişli Permanlara gol çekendigini habar beripdik.
