3-nji oktýabrda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginde Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilen 80-nji ýubileý sessiýasynda öňe süren başlangyçlaryna bagyşlanan maslahat geçirildi.
Maslahata ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ulag-aragatnaşyk ulgamynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň belent münberinden beýan eden we giň goldaw gazanan başlangyçlarynyň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutany öz taryhy çykyşynda häzirki döwürde sanly özgertmeleriň ösüş gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny belledi.

Türkmenistan dünýäde sanly integrasiýa boýunça ählumumy platforma döretmek başlangyjyny öňe sürmegi meýilleşdirýär. Bu platforma deňhukuklylyk, ynam hem-de maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe zyýan ýetirýän ýagdaýlarda ulanylmagynyň öňüni almak ýörelgelerine esaslanýar.
Öňe sürlen başlangyç sanly ulgamda amala aşyrylýan taslamalaryň kanunçylyk binýadyny kesgitleýär we ony umumy peýdaly, oňyn maksatlar üçin ulanmagyň zerurlygyny nygtaýar.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň dünýäde parahatçylygy, dostlukly gatnaşyklary we bitaraplyk syýasatyny wagyz edýän nusgalyk başlangyçlary üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
