Zyýat Hil konditer dükanynyň şahamçalary süýji tagamlary söýýänleri dürli görnüşli tortlar bilen begendirmegini dowam etdirýär. Dükanyň witrinalaryny ter miweli tortlardan başlap, däp bolan biskwitli hem-de özboluşly şokoladly ajaýyp nusgawy tortlar bezäp dur.
Zyýat Hil dükanynyň tortlary ýokary hilli önümlerden taýýarlanýar we hemişe täzeligi bilen tapawutlanýar. Göze gelüwli dizaýny we ajaýyp bezegi olary diňe bir tagamly däl-de, eýsem baýramçylyk saçagy üçin gelşikli bezeg bolup durýar.

Müşderiler üçin amatly bolar ýaly sargytlar her gün — dynç günsüz — ir sagat 08:00-dan agşam 22:45-e çenli kabul edilýär. Sargydyň möçberi 150 manatdan ýokary bolsa, Aşgabat we Gökdepe etraplaryna eltip bermek hyzmaty mugtdyr.
Zyýat Hil bilen her baýram — doglan gün, maşgala dabarasy ýa-da dostlaryň duşuşygy bolsun, ol aýratyn özboluşlylyga öwrülýär!

Aragatnaşyk maglumatlary:
Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, aragatnaşyk telefonlary (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, Seýran söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.
Sosial ulgamdaky sahypasy.
