Türkmenistanyň türgeni Döwletjan Ýagşymyradow «Professional Fighters League» (PFL) çempionatynyň çäklerinde Dubaýda geçirilen ýaryşda ýarym agyr agram derejesindäki tutluşykda amerikaly Kori Andersona garşy çykyş edip, ýeňlişe sezewar boldy. Eminleriň karary bilen ýeňiş amerikaly türgene berildi.
Bu tutluşykdan öň Ýagşymyradow yzygiderli 7 duşuşykda ýeňiş gazanypdy. 2024-nji ýylyň noýabrynda ol PFL-iň Gran-pri finalynda Impa Kasanganaýy birinji raundda nokaut bilen ýeňip, çempionlyk titulyna eýe bolupdy.
Kori bilen tutluşygyň ilkinji raundyny Döwletjan ynamly geçirdi — güýçli urgularyň tapgyry bilen garşydaşyny birnäçe gezek sarsdyrmagy başardy we ony nokaut etmeklige sähelçe galypdy. Ýagşymyradow dik duruşdaky tutluşygy doly gözegçilikde saklady. Emma soňraky raundlarda artykmaçlyk Andersona geçdi, ol pälwançylyk ukybyny üstünlikli peýdalanyp başlady. Türkmen türgeni üçin iň agyr pursatlar 4-nji raundda boldy — onuň amerikaly garşydaşy parterdäki tutluşygy güýçli alyp barmagy başardy.
Bu duşuşyk Döwletjan üçin Andersondan ikinji ýeňlişi boldy. Olaryň ilkinji duşuşygy 2021-nji ýylyň aprelinde Bellator 257 ýaryşynda bolupdy.
