«Senagat» paýdarlar täjirçilik banky «Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy» täze möhletli goýumyna 72 goýumçyny çekdi. Müşderiler tarapyndan jemi 12 679 600 manat goýuldy. Bu goýum maksatnamasy 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda işe girizildi.
Täze goýum önümi raýatlara ýyllyk 10 göterimi bilen bir ýyl möhlete hödürlenýär. Goýumyň iň pes möçberi 100 manat, iň ýokary möçberi bolsa 500 000 manatdyr. Pul serişdeleri nagt görnüşde ýa-da zähmet haky geçirilýän «Altyn asyr» bank karty arkaly nagt däl görnüşde kabul edilýär. Ýatladýarys, «Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy» goýumy 2025-nji ýylyň 1–30-njy sentýabry aralygynda açyk boldy.
Goşmaça maglumatlary almak isleýän müşderiler bankyň merkezi edarasyna ýa-da islendik şahamçasyna ýüz tutup bilerler. Salgysy: Aşgabat şäheri, Çandybil şaýoly, jaý 129.
Habarlaşmak üçin telefon: (+99312) 44-44-44
Elektron poçta: info@senagatbank.com.tm.
