3-nji oktýabrda irden Gün ýüzünde M1.5 derejesindäki güýçli ýalpyldy hasaba alyndy. Alymlaryň maglumatlaryna görä, gün aýtymyndan massa zyňyndysy Ýere gönükdirilen bolup, onuň planetamyzyň magnit ulgamy bilen göni çaknyşmak ähtimallygy örän ýokarydyr – diýip, MIR24 habar berýär.
Günüň işjeňligini yzygiderli gözegçilikde saklaýan hünärmenler plazma buludynyň Ýere tarap hereket edýändigini we onuň planetamyzy sowa geçmek mümkinçiliginiň «diňe bir az» bolandygyny belleýärler. Ilkinji hasaplamalara görä, geomagnit tupany 5-nji oktýabrda — ýekşenbe güni günortadan soň Ýere ýetip biler. Magnit tolgunmalary aragatnaşyk we nawigasiýa ulgamyna täsir edip biler, şeýle hem howa üýtgemelerine duýgur adamlarda saglyk ýagdaýynyň peselmegine sebäp bolup biler. Şonuň üçin adaty öňüni alyş çärelerine eýermek maslahat berilýär: şunda aşa fiziki agramdan gaça durmaly we günüň dowamyndaky adaty düzgüni berjaý etmeli.
