Täjigistanyň futbol federasiýasy milli ýygyndynyň täzelenen tälimçiler düzümine tassyknama berdi. Federasiýanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, toparyň baş tälimçisi wezipesine 58 ýaşly serbiýaly hünärmen Goran Stewanowiç bellendi.
Stewanowiç ozal Gananyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi bolup, Afrika milletleriniň kubogynda çykyş edipdi. Şeýle hem ol Serbiýanyň ýaşlar ýygyndysyna (U-21) ýolbaşçylyk edipdi. Mundan başga-da, 2006-njy ýylda geçirilen dünýä çempionatynda Serbiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisiniň kömekçisi hökmünde işläpdi. Klub derejesinde bolsa Serbiýada, Gresiýada we Hytaýda dürli toparlary türgenleşdiripdi.
Tälimçiler toparynyň düzümine Stewanowiçiň iki watandaşynyň hem girýändigi habar berildi. Baş tälimçiniň kömekçisi wezipesine Gazagystanyň «Taraz» we «Atyrau» klublarynda işlän Radmilo Azaniýas bellenildi. Ikinji kömekçi hökmünde Serbiýanyň, Gresiýanyň we Hytaýyň klublarynda iş tejribesi bolan Milan Pawlowiç bellendi.
Şeýle hem toparyň düzümine Täjigistanyň «Barkçi» klubynyň baş tälimçisi Alifbek Beromow we derwezeçileriň tälimçisi Alişer Tuýçiýew girýär. Ol milli ýygyndy bilen işlemegini dowam etdirer.
Mundan ozal Täjigistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine Türkmenistanyň ýygyndysynyň öňki baş tälimçisi, horwatiýaly hünärmen Ante Mişe hem dalaşgärlige hödürlenipdi.
