Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň iki mugallymy 1–17-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýanyň Kawasaki şäherinde ýerleşýän dünýäniň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleriniň biri bolan ICONM – Nanomedisinanyň innowasion merkezinde tejribelik geçýärler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Tejribelik geçmek arkaly mugallymlar häzirki zaman usullaryny özleşdirerler, täze ylmy çemeleşmeler bilen tanşarlar hem-de ýapon hünärmenleri bilen tejribe alyşarlar. Saparyň esasy maksady — mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, bilelikdäki ylmy taslamalary durmuşa geçirmek üçin pikir alyşmak hem-de Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekdir.
Iş sapary Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Kawasaki Senagat ösüş institutynyň Nanomedisinanyň innowasion merkeziniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama laýyklykda guraldy. Bu Ähtnamanyň esasynda Türkmenistanyň degişli ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri häzirki zaman ylmy-barlag işleri bilen tanyşmak üçin Ýaponiýa çagyrylýar.
ICONM merkezi nanotehnologiýalar, nanomedisina we nanomateriallar boýunça dünýäde öňdebaryjy ylmy merkezleriň biri hökmünde tanalýar.
