Türkmenistanly okuwçylar 4–6-njy oktýabr aralygynda Germaniýanyň Bilefeld şäherinde geçiriljek ýaşlaryň arasynda ýatdan hasaplamak boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin ýola düşdiler.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, ýurdumyzyň ýaşlar toparyna «Kämil bilim» okuw merkeziniň 8 diňleýjisi girýär. Olaryň arasynda: Omar Akmyradow, Abdylla Baýramgeldiýew, Liwanur Berdiýewa, Hatyja Durdymämmedowa, Patma Gündogdyýewa, Allaguly Ýusupow, Ýeňiş Çerkezow we Mekan Nurgeldiýew dagy bar.
Topar şu ýylyň aprel aýynda geçirilen ýörite bäsleşigiň netijesinde düzüldi. Şol bäsleşikde ýaşlar dünýä çempionatynyň şertlerine meňzeş ýagdaýda iki sagadyň dowamynda ähli soraglara (ýatdan hasaplamak bilen) ýatdan dogry jogap bermegi başardylar we Germaniýa gitmäge hukuk gazandylar.
Ýatdan hasaplamak boýunça dünýä çempionaty 2008-nji ýyldan bäri geçirilýär we her ýyl 20-ä golaý ýurtdan 100-den gowrak gatnaşyjyny jemleýär. Bäsleşik üç ýaş topar derejesinde geçirilýär.
Türkmenistanly ýaşlar ýatdan hasaplamagyň dürli görnüşlerinde — goşmak, aýyrmak, köpeltmek, bölmek, şeýle hem çylşyrymly ugurlarda: köpeldijilere dagytmak we droblar ýaly çylşyrymly ugurlar boýunça öz başarnyklaryny görkezerler. Öňde goýulýan şertlere laýyklykda gatnaşyjylar ähli meseleleri ýatda saklap, iki sagadyň dowamynda ýatdan çözmeli bolarlar.
Biz ýaş zehinlere uly üstünlik arzuw edýäris!
