Turkmenportal logo
02.10.25
1169411694
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Nýu-Ýorkda köp gatly jaý bölekleýin ýykyldy
Surat: Point.md

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde köp gatly binanyň bir bölegi ýykyldy. Bu barada ýerli polisiýanyň habaryna salgylanýan «MIR 24» habar berdi.

Sosial torda ýerleşdirilen habarda şäheriň Bronks etrabyndaky Aleksander-awenýu köçesiniň 207-nji salgydaky jaýyň ýykylandygy aýdylýar.

Habara berkidilen fotosuratda köp otagly ýaşaýyş öýüniň diwarynyň bir böleginiň ýykylandygy görünýär. Pida bolanlar barada habar berlenok. Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, waka gazyň partlamagy sebäp bolan bolmaly.