Turkmenportal logo
02.10.25
1022710227
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli duşuşyk geçirildi
Surat: Türkmenistan: Altyn Asyr

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

«Ýaşulular – jemgyýetiň paýhas mekdebi», «Döwürlere ýörelge, nesillere görelde siz, ýaşulular!» diýen at bilen geçirilen baýramçylyk duşuşygynda aýdym-sazly çykyşlar hem-de hormatly ýaşulularyny sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň bilelikde guramagynda geçirilen bu çäre ýaşuly nesle bolan hormatyň beýany boldy.