Turkmenportal logo
02.10.25
1117611176
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Mahatma Gandiniň doglan güni bellenildi

Aşgabatdaky «Bagtyýarlyk» sport toplumynda Hindistanyň jemgyýetçilik we syýasy işgäri Mahatma Gandiniň doglan gününe (Gandhi Jayanti) bagyşlanan çäre geçirildi. Çäre Gandiniň ýadygärliginiň öňünde guraldy — diýip, Hindistanyň ilçihanasynyň sosial ulgamdaky sahypasynda habar berilýär.

Çärä Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili, diplomatik wekilhananyň işgärleri hem-de türkmen jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar Mahatma Gandiniň ýadygärligine gül desselerini goýdular. Gandhi Jayanti her ýyl 2-nji oktýabrda — Mahatma Gandi ady bilen tanalýan Mohandas Karamçand Gandiniň doglan gününde bellenilýär. Ol Hindistanyň garaşsyzlygy ugrunda alyp barlan göreşde möhüm orun eýelän şahsyýetdir.