Turkmenportal logo
02.10.25
74717471
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi
Surat: Türkmenistan: Altyn Asyr

1-nji oktýabrda Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D. Seýitmämmedow bilen ministrligiň Konsullyk we diaspora meseleleri boýunça departamentiniň başlygy N. Komahidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky mümkinçiliklerine garap geçdiler.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanda gol çekilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Maksatnamanyň çarçuwasynda konsullyk we medeni-ynsanperwer ugurlarynda ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirmegiň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi.

Taraplar konstruktiw gepleşikleri dowam etdirmäge we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary babatynda özara hereketleriň depginini güýçlendirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.