Turkmenportal logo
02.10.25
89198919
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümleri Moskwada «Ýylyň önümi» atly altyn medala mynasyp boldy
Surat: TDH

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow düýn Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň çäklerinde, ilki bilen, Gahryman Arkadaga şäheriň «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümleriniň we çaga iýmitleriniň şu ýylyň sentýabrynda Moskwada geçirilen gözden geçirilişde «Ýylyň önümi» atly altyn medala we degişli diploma mynasyp bolandygy baradaky hoş habar aýdyldy.

«Munuň özi, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde-de durmuş maksatly, aýratyn-da, sagdyn iýmitlenmek wezipelerini üstünlikli amala aşyrýan önümçilik toplumlarynyň ekologik taýdan arassa önümleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr» diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi ýazýar.