Turkmenportal logo
02.10.25
77137713
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Azerbaýjanyň Fizuli şäherindäki metjit «Aga-gurluşyk» türkmen kompaniýasy tarapyndan gurlar
Azerbaýjanyň Fizuli şäherindäki metjit «Aga-gurluşyk» türkmen kompaniýasy tarapyndan gurlar

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hususy kärhana «Aga-gurluşyk» Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurmak barada şertnama baglaşdy – diýip, TDH agentligi habar berýär.

Resminamalar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäginde gol çekildi. Ýatladyp geçsek, Azerbaýjanyň Fizuli şäheri Türkmenistanyň Arkadag şäheri bilen doganlaşan şäherdir.