Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow düýn prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak barada degişli Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.
“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda kabul edilen Karar bilen:
1-nji derejeli ýurist Eziz Bäşimdurdyýewiç Agaýew Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;
ýustisiýanyň geňeşçisi Begenç Bäşimgulyýewiç Ýowşanow Ahal welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;
ýustisiýanyň geňeşçisi Serdar Babajanowiç Çaryýew Daşoguz welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Balkan welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Nurmuhammet Meretseýidowiç Saparlyýew Balkan welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesine;
2-nji derejeli ýurist Çynar Amangulyýewiç Imamgulyýew Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokurory wezipesine;
2-nji derejeli ýurist Babanepes Kemal ogly Ballyýew Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň prokurory wezipesine;
2-nji derejeli ýurist Abahajy Jumadurdyýewiç Abaýew Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;
ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Rahim Hekimowiç Ataýew Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
